22-nji iýunda, ýarygijeden birnäçe sagat soň, Eýranyň paýtagtyndan 200 km günorta-günbatarda ýerleşýän kiçeňräk dag gerşinde bütin töweregi sarsdyran partlamalar boldy.
Bu dag gerşi Fordow bolup, Eýran bu sebitde raýat elektrik stansiýalarynda ulanmak üçin ýa-da, Ysraýyl aýtmyşlaýyn, ýadro ýaragynda ulanmak maksady bilen, ýer astynda uran baýlaşdyrmaga niýetlenen we gurluşygy birnäçe ýyla çeken bir topar desga gurdy.
Partlamalar ABŞ-nyň arsenalyndaky iň uly adaty bombalaryň onlarçasynyň, ABŞ-nyň Howa güýçleriniň iň döwrebap bombaçylarynyň biri bolan B-2 uçary tarapyndan taşlanan, 13,000 kilogramlyk “GBU-57 Massive Ordnance Penetrator” bombalarynyň ýarylmagy netijesinde boldy.
Fordowyň üstüni örten we ABŞ ýaraglary bilen urlan beýleki iki ýeriň ýokarysyny gaplan tot-tozan ýatyşanyndan soň, gelýän günler munuň nämäni aňladýandygyny görkezer: Doly gerimli uruş başlanarmy ýa ýok? Eýran ABŞ-nyň sebitdäki bazalaryndan ar alarmy? Tähran Hormuz bogazyny bogup, global nebit üpjünçiligini kesermi? Ysraýyl Eýrandaky nyşanalara mundan öň etmedik görlüp-eşidilmedik zarbalaryny urmagyny dowam etdirermi? Birleşen Ştatlar ýene-de bir doly gerimli Ýakyn Gündogar urşuna goşulmakçy bolýarmy?
Edil häzirki pursatda siziň bilmeli zadyňyz şulardan ybarat:
Näme boldy?
Ýerli wagt bilen sagat 2:30 töweregi (CET sagat 12:30) ýedi sany B-2 bombaçysyndan ybarat topar ABŞ-nyň Orta Günbatar bazalaryndan müňlerçe kilometr aralygy geçip, Fordow toplumynyň ýokarysynda peýda boldy we, ABŞ resmileriniň aýtmagyna görä, 14 GBU-57 bombany taşlady. Bu bombalar, ýer astyny çuň burawlap bilmek we soňra ara wagt salyp ýarylmak ukyby sebäpli “bunker busterleri” diýlip hem atlandyrylýar. Olar Fordow ýaly has aşakda ýerleşýän desgalary teoretiki taýdan ýok edip biljek bombalar hasaplanylýar.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Pars aýlagynda ýerleşýän suwasty gämisi 20-den gowrak “Tomahawk” ganatly raketasyny ulanyp, Eýranyň başga bir ýadro meýdançasyna: Isfahana zarba urdy. Iki sany GBU-57 bombasy bolsa, ABŞ zarbalarynyň üçünji nyşanasyna, Natanza taşlandy.
ABŞ resmileriniň aýtmagyna görä, bu zarbalaryň urulmagyna ABŞ-nyň 125 uçary, şol sanda ugradyjy söweş uçarlary, ýangyç guýujy uçarlar gatnaşdy.
Nähili zyýan ýetirildi?
Eýran häkimiýetleri bu ýerlere hüjüm edilendigini giňden tassyklady. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Fordow, Natanz we Isfahan desgalarynyň “bütinleý ýok edilendigini” öňe sürdi.
Emma muňa garamazdan, anyk nämä zyýan ýetendigi we ýetirilen zyýanyň näderejede uly bolandygy entek belli däl.
Natanz we Isfahan soňky 10 günüň dowamynda Ysraýylyň jeza beriji urus uçarlary tarapyndan hem nyşana alnypdy.
Waşingtondaky Ýadro howpy başlangyjy merkeziniň maglumatyna görä, ýadro elektrik stansiýalaryny ýangyç çybyklary bilen üpjün etmek üçin gurlan Isfahan desgasy, Günbatar sanksiýalary sebäpli, öz tagallalaryny haýalladypdy.
Şol bir wagtda, Waşingondaky merkeziň maglumatyna görä, Natanzdaky ýerasty desgalarda azyndan 50,000 sentrifuga bar. Emma muňa garamazdan, olar Fordow desgasyndaky ýaly gaty çuňlukda ýerleşdirilmändir.
Fordow, daglyk ýerde, gaty çuňlukda ýerleşensop, Ysraýylyň aňtaw gullugynda we ABŞ agentliklerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Halkara atom energiýasy agentligi ýa-da HAEA tarapyndan gözegçilik edilýän desgada uran baýlaşdyrmak üçin ulanylýan, takyk işlenip taýýarlanan müňlerçe sentrifuga ýerleşýärdi.
Belli bir çäkde baýlaşdyrylan uran elektrik öndürýän zawodlarda ýangyç hökmünde ulanylýar. Belli bir derejeden ýokary derejede baýlaşdyrylan uran eýýäm "ýarag derejesi" diýlip hasaplanýar.
HAEA geçen aý beren hasabatynda 400 kilogramdan gowrak heksaflorid uranynyň – uran baýlaşdyrmagyň esasy derejesiniň - eýýäm 60 göterime çenli baýlaşdyrylandygyny aýtdy. Bu uranyň ýokary derejede baýlaşdyrylmagy hasaplanýar, ýöne ol ýarag derejesi däl. Emma CNN-iň tanyş bolan hasabatynda, 2023-nji ýyldaky gizlin hasabatda HAEA-niň Fordowda ýarag derejesine golaý bolan urany tapandygy aýdylýar.
Eýran öz ýadro işjeňlikleriniň berk, gyşarnyksyz raýat maksatlydygyny aýdyp, aýak depip gelýär.
Uruş hakynda näme aýdyp bolar?
Ysraýyl bu hüjümleri öwdi we olaryň "Eýran režiminiň agressiýasyny duruzmakda we onuň sebite we dünýä howp salmak ukybyny peseltmek üçin möhüm ädim" bolnadygyny aýtdy.
Eýran resmileri bu zarbalary ýazgardylar we "[ABŞ-nyň] agressiýa hereketiniň uzaga täsiri uzaga ýetjek howply netijeleri" barada duýduryş etdiler. Eýranyň ýokary diplomaty Abbas Arakçi, prezident Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirmek üçin, Eýranyň ýakyn, ýöne seresap ýarany Russiýa uçýandygyny yglan etdi.
ABŞ Kongresindäki demokratlar bu hüjümi ýazgardylar; respublikan kanun çykaryjylaryň köpüsi zarba urulmagyny goldady; emma muňa garamazdan, respublikanlaryň az sanlysy, şol sanda respublikan palatanyň agzasy Marjori Teýlor Grin sosial ulgamlarda: "Bu biziň urşumyz däl" diýip ýazdy.
Wise-prezident JD Wans bu hüjümden birnäçe sagat soň NBC News habar gullugyna "Biz Eýran bilen ururmaýarys", "Biz Eýranyň ýadro programmasy bilen uruşýarys" diýdi.
Makala gysgaldylyp çap edilýär.
Forum