Russiýanyň Kiýewe uran zarbasynda heläk bolanlar we ýaralananlar bar

Russiýanyň Kiýewe uran zarblarynyň netijeleri. 23-nji iýun

Russiýanyň 23-nji iýuna geçilýän gije Kiýewe uran zarbalarynda azyndan alty adam heläk boldy, 19-sy hem ýaralandy. Bu barada ukrain resmileri habar berdi.

Ukrainanyň paýtagtyna gönükdirilen hüjümleriň netijesinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, hususy öýlere, ofis edaralaryna, jemgyýetçilik iýmit nokatlaryna, söwda merkezlerine we awtoulaglara zeper ýetdi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet gullugynyň maglumatyna görä, Kiýew oblastyna edilen hüjümde bir zenan heläk boldy, sekiz adam ýaralandy.

Herson oblastynyň Berispol şäherinde, Russiýanyň dron hüjümi netijesinde, bir parahat ýaşaýjy heläk boldy diýip, sebit prokuraturasy habar berdi.

Russiýanyň harbylary 22-nji iýun agşamyndan bäri Ukrainanyň çägine 350-den gowrak dron, 11 sany “Iskander-M/KN-23” ballistik raketa we bäş sany “Iskander-K” ganatly raketa bilen hüjüm etdi.

Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň maglumatyna görä, bäş ganatly we ýedi ballistik raketa, şeýle hem 146 dron ýok edildi.