Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň “Krym.Realii” proýektiniň žurnalisti Wladislaw Ýesipenko dört ýyl türme tussaglygyndan soň azatlyga çykdy. Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň häkimiýetleri ony ukrain aňtaw gullugy üçin maglumat toplamakda aýyplap, türme tussaglygyna höküm edipdi. Ýesipenko bu aýyplamalary ret edipdi.
Russiýanyň we Ukrainanyň goşa raýaty Ýesipenko 2021-nji ýylyň mart aýynda tussag edilipdi. 2022-nji ýylyň fewralynda Krymdaky Russiýanyň kazyýeti ony içalyçylykda günäli tapyp, alty ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümini çykarypdy. Moskwadaky kazyýet soň bu möhleti bäş ýyla çenli azaltdy. Mundan başga-da, oňa partladyjy maddalary saklamakda we daşamakda hem aýyplama bildirildi.
Azatlyk Radiosy we halkara adam hukuklaryny goraýjy birnäçe gurama oňa bildirilen aýyplamalary toslama we syýasy äňehli atlandyrdylar. Kazyýet prosesinde Ýesipenko özüniň elektrik togy bilen gynalandygyny we galp görkezme bermäge mejbur edilendigini aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary ABŞ-nyň we Ukrainanyň hökümetlerine žurnalistiň azatlyga çykmagy ugrunda eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň öňki habarçysy Igor Kareneý we belarusly syýasatçy Sergeý Tihanowskiý hem belarus tussaglygyndan azatlyga çykdy. Bu ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Kit Kellogyň Minske amala aşyran saparyndan soň boldy. Umumy hasapda 14 belarusly syýasy tussag azatlyga çykdy.